"Ter Önüm" H.J.

Adamyň iň gymmatly baýlygy saglykdyr. Jan saglygy gorap saklamagyň, berkitmegiň esasy şertleriniň biri dogry we kadaly iýmitlenmekdir. Iýmitlenmek diýlende bolsa ilkinji nobatda gök önümler we miweler göz öňünde tutulýar. Şol önümleriň bazarlarda, söwda merkezlerinde, dükanlarda hemişe ter we elýerli görnüşde bolmaklygy bolsa esasy zatdyr.

“Ter Önüm” hojalyk jemgyýeti hem şu ugurda iş alyp barýar. Kärhanamyz ýerli daýhanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa gök we miwe önümleri öndürijilerden almak hem-de söwda nokatlaryna ter we arassa görnüşinde ýetirmek ugrunda işleri ýerine ýetirýär.

M a g l u m a t

Işiň alnyp barylyşy

Kärhanamyzda önümleri öndürijilerden almakdan başlap, olary sowuk ammarda saklamakda we tä söwda nokatlarynyň gök we bakja önüm tekjelerine goýulýança işleriň ähli tapgyrlarynda önümleriň hiline, ekologiki arassalygyna, daşky keşbiniň abatlygyna ýokary gözegçilik ýola goýlandyr.

Ýerli daýhanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa gök we miwe önümleri öndürijilerden almak
Alnan önümler kärhanamyzyň ammaryna getirmek
Tebigy şikesi bolanlary, dürli faktorlaryň täsiri sebäpli zaýalananlary saýhallamak.
Sargytlar boýunça harytlary sowadyjyly ýük ulaglarynyň kömegi bilen müşderilere eltip bermek
Satuw standartlaryna laýyk gelýän önümleri dürli görnüşli satuw gaplaryna ýerleşdirmek
Halkyň ýokary islegelerini kanagatlandyrmak.

Kärhananyň Maksatlary

“Ter Önüm” HJ döredileni bäri netijeli işläp gelýär. Biz geljekde kärhanamyzyň şu netijesini saklamak bilen çäklenmän, eýsem işleriň gerimini giňeltmekligi hem özümize maksat edinýäris.

Içerki satuwlary giňeltmek

Ekologiýa taýdan arassa gök we miwe önümleri öndürijilerden almak hem-de söwda nokatlaryna ter we arassa görnüşinde ýetirmek ugrunda işleri giňeltmek.

Eksporty ýaýbaňlaşdyrmak

Diňe bir içerki bazarlarda däl eýsem, dünýä ýüzünde dürli ýürtlara ter we ekologiýataýdan arassa önümleri eksport etmek işini has hem ýaýbaňlaşdyrmak.

Gury miwe önümleri

Biz geljekde kärhanamyzyň şu netijesini saklamak bilen çäklenmän, eýsem işleriň gerimini giňeltmekligi hem özümize maksat edinýäris. Hut şu nukdaýnazardan hem birnäçe işleri alyp barýarys.

Kärende ýerleri

Önümleri ýerli daýhanlardan almak bilen çäklenmän kärhana öz kärende ýerlerini döredip, dürli görnüşdäki önümleri halka hödürlemegi maksat edinýär.

Kärhananyň aýratynlyklary

Ýylyň tebigy şertlerde gök we miwe önümlerini ýetişdirmeklige amatsyz möwsümlerinde, ol önümleri ýyladyşhanalarda ýetişdirmekde we halkymyza ýetirmekde hem kärhanamyz birnäçe işleri amala aşyrýar.

HilliKepillik

Önümlerimiziň Siziň ýokary islegleriňizi kanagatlandyrjakdygyna kepil geçýäris.

AňsatSargyt

Önümleriň ähli görnüşleri görkezilen planşediň üsti bilen aňsat görnüşde sargyt bermek.

MugtDostawka

Sargyt edilen önümleri paýtagtymyzyň çäginde islendik ýere tiz we mugt eltip bermek.

YnamlyHyzmatdaşlyk

Özüniň ter we tebigy önümleri bilen "Ter Önüm" elmydama Siziň hyzmatyňyzda.

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Ýylgaý Durdyýew köçesi, jaý №8 "Säher" binasy, 3-nji gat, "Ter Önüm" H.J.

+993 63 93 52 25

info@teronum.com

+993 12 xx xx xx